Jem bolup

Çalyndykça, jahan çyrçygy artar,

Haçan köňül karar tapar jem bolup?!

Ahyret işiň gör, mundan baş gutar,

Dünýäni kim tutdy? - Öter güm bolup.

 

Dyrnak bilen daglar dilen Benijan,

Suwa, ýele hökmi geçen Süleýman,

Hany ol Isgender, Rüstem päliwan,

Sen dünýäni tutajak sen kim bolup.

 

Bu nurbatsyz döwranyňdan - dat günüň,

Eglenji ýok, bökdenji ýok - bat günüň.

Oglanlykda, ýigitlikde - şat günüň,

Garrylykda gaýdyp basar gam bolup.

 

Maglym işdir - gaýdajakdyr gelenler,

Barar ýeriň işin gördi bilenler,

Gaýgysyz ýatanlar, gapyl bolanlar,

Wa-hasrat-a, boş gitdiler kem bolup.

 

Tapa bilseň hakykatyň merdini,

Gözüňe totyýa kylgyn gerdini,

Gulzum günähiniň teriň-derdini,

Çyn toba gurudar oňa em-bolup.

 

Owwal özüň yhlasyňy düzlegil,

Her guşeden nyýaz okun gözlegil,

Bildigiňçe mydam ýagşy sözlegil,

Ýagşy söz tapmasaň, otur sem bolup!

 

Magtymguly, Alla adyn zikr eýle,

Ýamana sabyr eýle, ýagşa şükr eýle,

Görüstany gör-de, otur, pikr eýle,

Men-men diýen ärler ýatyr gum bolup!